
Baştutan diýeniñ ýerlikli bolmaly. Kellesine geleni gürläp ýörmeli däl. Türkiýäniñ primer ministri Erdogan bilen Maliýe ministri Unakitan köp gürleýändigi we çykyşlarynda gödek köçe agzyny ulanýandygy üçin köp tankyt edildi. Ýöne dünýädäki beýleki mysallaryna garalanda “Muña-da müñ gezek şükür” diýmek gerek öýdýärin? Beterinden beteri bar diýileni.
Türkmenistanyñ ömürlik baştutany bolan Türkmenbaşyny mysal alyp göreliñ. Hezreti bir kitap ýazypdyr welin, her derde doga. Kimde kim ol “Ruhnama” atly kitaby üç gezek doly okasa, köñli baýlaşyp, parasady artyp, zeini ýitileşýärmiş. Ylahy barlygy ykrar edip, tanap, soñ gönümel jennete gidýärmiş. Diñe jynsy meselelere çözgüt bermeýärmiş. Ondan galan ugurlarda ähli kynçylyklary çözýärmiş. Ynha Ruhnama şeýle kitapmyşyn.
Şeýle keramatly kitap Türkmenistanda okuw jaýlarynda sapaklarda okadylýandygyna görä ähli Türkmen doganlarymyz jennete gitmegi kepilnama astyna alandyr.
Geñ zat, Ruhnamany ýazan we jennete kepilnamaly gezelençler, syýahatlar gurnaýan asyl ady Saparmyrat Niýazow bolan ol keramatly şahsyýet 1985-nji ýylda Türkmenistanyñ Kommunist Partiýasynyñ baş sekretarlygyna saýlandy. Özüni ýagşy kämilleşdirip, indi gowy dindar, dogry ýoly tapan, hak ýolunda ýöreýän adam boldy. Türkmenistan 1990-njy ýylda garaşsyzlygyny alan mahaly birden kommunistlikden ýüz öwürdi. Kommunist partiýanyñ adyny üýtgedip “Demokratik Partiýa” öwürdi. 10 ýyl owal ilki bilen Demokratik partiýanyñ 52 müñ agzasyndan 48 müñ sanysynyñ öñki Kommunist partiýanyñ agzasy bolandygyny aýdyp, öwünýärdi. Belki aýdyp oturmagyñ hajaty hem ýok bolsa gerek. Ýöne Kommunist partiýa döwründe hem opozisiýa rugsat berilmeýärdi. Häzirki döwürde hem berilmeýär. Opozisiýa hiç wagt mätäçlik çekmediler, sebäbi şol döwürde hem hakykady tapypdylar. Şu wagt hem hakykady gowy bilýärler. Şol döwürde hem bir keramatly kitap bardy. Häzir hem bar. Ol döwürde hem jennete gitjekdiklerini tama edýärlerdi we özlerini şeýdip aldaýardylar. Şu wagt hem özlerini aldamaga dowam edýärler.
Türkmenistanyñ ýagdaýyny gowy bilýän bir dostumdan soradym: “Türkmenbaşy nähili adam? Nädip şunça ýyl baştutan bolup galmagy başarýar?”. Dostum: “Kellesi gyzan mahaly ministrleri urýan bir adam. Ejesiniñ adyny aýa dakan, özüni ömürlik baştutan eden, döwletiñ hasabyna gurduran myhmanhanalaryny dost-ýarlaryna gaty arzan bahadan satyp, hususylaşdyran bir adam. Türkmenistanda halk çarwa. Halk guramaçylykly däl. Gaty garyp we yzagalak. Häkimiýeti bir gezek ele alyp bilseñ, ony dowam etdirmek añsat bolýar” diýdi.
Dünýäniñ üçinji yzagalak böleginiñ baştutanlary gaty geñ adamlar. Wenesuwelanyñ baştutany Chavez hem aýakaldygyna Busha: “Jenap sen howuply, zalym, aklaş, gorkak, ahlaksyz we eşeksiñ!” diýýär. Günorta Amerikanyñ gaharjañ baştutanlary hem Amerika näçe köp söwseler şonça-da halkdan köp gollaw aljakdyklaryny pikir edýän bolmaly.
Halk tarapyndan gollanmaklyk gürrüñsiz gowy zat. Ýöne, halkyñ gollawyny almak üçin her hili masgaraçylyk etmek, populizmiñ duzagyna düşmek, netijede hiç kime peýda getirmeýär. Aýratynam Günorta Amerika geçmişde muña gaty köp gezek şaýat boldy.
Demokratiýa eýe bolmak gaty kyndyr. Wagt, tejribe baýlygy we durnuklulyk, asyllylyk talap edýändir.