Alynyñ ala meýdany...
Alynyñ ala meýdanynda...
Alynyñ ala meýdanyna!
Bu sözleriñ şu wagt Türkmenler üçin dörän möhim öwrülşik pursadynda çuññur manylary bar. Bu sözler öz halkyny, watanyny söýýänler üçin agzybirlige we Türkmeniñ eşiretli geljegi üçin göreşe çagyryşdyr! Türkmeni we Türkmenistany öz bähbidine we başgalaryñ peýdasyna ulanmak isleýänlere bolsa berk duýduryş; şol sanda adamkärçilige, mertebelilige, ar-namyslylyga, ynsaba çagyryşdyr!
Alynyñ ala meýdany...
Bu meýdanda kimiñ kimdigi belli bolýandyr. Kim
Aly ýaly mert, kim namart, nadan… Bu meýdanda ärler, mertler, ar-namyslylar, watanyny-halkyny söýenler kimin; binamyslar, gorkaklar, nalajedeýinler, akmaklar, bigaýratlar, ruhuny başgalaryna satanlar, başgalaryny öz halkyñdan beýik görmekligi “medeniýetliligiñ añyrbaşy” hasaplaýanlar, zalymlar, haramzadalar, ýalançylar hem bar. Bu sepäplerden aladyr bu meýdan. Alynyñ ala meýdany… Bu meýdanda diñe Aly kimin bolanlaryñ, watanyny-halkyny söýenleriñ ýanyndadyr Alla we halk…
Alynyñ ala meýdanynda...
Türkmen üçin
Alynyñ ala meýdanynda şu wagt gynansagam diñe “ala adamlar” bar ýaly görünýär… Çünki, bir pursat dörän mahaly derrew ilki bilen seýle “ala adamlar” öz bähtieri we başgalaryna gulluk üçin herekede geçýär.
Taryh şu wagt Türkmenler we bütin adamzat üçin iñ bähbitli ýol bolan Demokratiýa pursadyny döretdi. Bu bähbitli pursatdan peýdalanmaklygyñ ilkinji şerti AGZYBİRLİKDİR! Türkmenler halkyñ öñdebaryjylarynyñ ýolbaşçylygynda agzybirlikde jebisleşip, şeýle pursatdan peýdalanmaklyk üçin herekede geçmek islaýär.
Gynançly ýagdaý, şu wagt Türkmenistanda “Alynyñ ala meýdanynda” halky dogry ýola–demokratiýa, azatlyk, erkinlik ýoluna gönükdirjek öñdebaryjylaryñ ýok diýiljek ýagdaýda az bolmagy, tussaghanadadygy, zulum we gysyş astynda tutulyp, täsirsiz ýagdaýa getirilendigi we şeýle-de başga ýurtlardadygydyr.
Bu ýagdaýda halk daşary ýurtlardaky öñdebaryjy Türkmenlerden demokratiýa göreşinde öñbaşçylyga garaşýar. Daşary ýurtlardaky öñdebaryjy görünýän Türkmenler bolsa, gynansagam şu wagda çenli agzybirlikde hereket edip, opozisiýa döredip bilmedi. Bu sepäpden ne halkyñ ne-de dünýä köpçüliginiñ gollawyny alyp bildi. Opozisiýa boljak bolup, Türkmen halkyndan uzak, halkyñ diñe bir düşünmeýän däl, eýsem hiç wagt goldamajak hereketlerini saýlap aldylar. Türkmeniñ aladasyny etmäge çalyşýandyklaryny öñe sürseler hem, başgalarynyñ dilinde, dünýägaraýşynda Türkmeni, Türkmeniñ ykbalyny ele almaga synanyşdylar.
Opozisiýa boljak bolýanlaryñ aglabasy başga dillerde gepleşmegi, maslahatlaşmagy, pikir alyşmagy, wakalara Türkmeniñ dünýägaraýyşy bilen däl, eýsem başgalarynyñ dünýägaraýyşlary bilen garamagy “medeniýetliligiñ añyrbaşy” hasaplamak bilen gary uly hata goýberdiler. Adamzat tarynynyñ hiçbir döwründe şeýle adamlara yman bildirilmedi, gollaw berilmedi we şu wagt boluşy ýaly mundan beýläk hem ynanylmaz.
Opozisiýa boljak bolýanlaryñ nädogry hereketleri, hakyñ we demokratiýanyñ duşmanlaryny ýüreklendirdi. Türkmen halkynyñ diñe lapyny däl, eýsem ykbalyny hem keç etdi.
Gepiñ gysgasy, Türkmenlere görä, Türkmenistandaky şu wagtyky kyn ýagdaýyñ sebäpkäri diñe diktatorlugyñ taraplary däl, şol bir wagtyñ özünde opozisiýa boljak bolup, nädogry hereket edenlerdir. Olaryñ nädogry hereketleri Türkmen opozisiýasynyñ döremegini bökdändir.
Beýleki tarapdan, diktatorluk tarapdarlarynyñ Türkmen halky we Türkmenistan baradaky oýunlarynyñ başa barmagyny ýeñilleşdirendir. Netijede, Türkmenistanda halk öñdebaryjylaryñ gollawyndan mahrum galdy we Alynyñ ala meýdanynda diktatorluk tarapdarlarynyñ guramaçylygy has täsirli boldy. Opozisiýa synanşyklary başa barmady we diñe Türkmen halkynyñ däl, eýsem dünýä köpçüliginiñ hem ynamyndan gaçdy. Bu taryhy pursatda edilmeli göreş- baştutanlyk-liderlik göreşi däl, eýsem Türkmen halkynyñ islegi, arzuwy bolan demokratiýa göreşidir. Bu göreşden owal özümizi şeýtanyñ öjükdirmelerinden şahsy öýke-kineleriñ penjesinden halas etmegimiz gerek. Bolmasa ne özümize, ne-de halka peýdamyz bolar. Şu pursat adamlaryñ kemçiliginiñ jedelleşilmeli wagty däl. Türkmen halkynyñ yüreginiñ sesi bolan demokratiýa göreşine gatnaşmaklykdyr. Demokratiýa ýola goýulandan soñra, dünýa Türkmenleri öz baştutanyny, ýolbaşçylaryny azat erki bilen saýlar. Bu şu wagt alada edilmeli däldir. Türkmen halkynyñ, watanynyñ bähbidi şu wagt hemme zatdan öñde, möhim bolmalydyr!
Alynyñ ala meýdanyna!
Alynyñ ala meýdanynda maksadymyz şu wagda çenli goýberilen hatalaryñ tankyt edilmegi däldir. Dünýä Türkmenleriniñ päk ýüreginden çykýan duýgylara, çagyryşlara, ýüzlenmelere, seslenmelere araçy bolmakdyr. Dünýä Türkmenleri, watanyny we halkyny söýenleri gaýdyp gaýtalanmajak bu taryhy pursady elden gidirmezlik, Türkmenistany demokratiýalaşdyrmaklyk we Türkmenistan halkyny halas etmeklik üçin, öýke-kinäni taşlap, Alynyñ ala meýdanyna çagyrýar!
Alynyñ ala meýdanyna çagyryş, Türkmenistan halkyna başlatjak demokratiýa göreşi üçin agzybirlikde kömege gitmek bilen çäkli däldir. Haklara metbugatda çykyşlar bilen, demokratiýa göreşine hemmeleri agzybirlikde taýýarlamaklykdyr. Türkmen üçin alada edýäñ her bir ynsan, Dünýä Türkmenleriniñ çagyryşyna goşulmalydyr!
Türkmenler indi bukulyp ýatmaly däl. Şu pursatda bukulmak, sessiz galmaklyk Türkmene ediljek iñ uly dönüklikdir. Hemmeler öz üstüne düşen wezipäni, jogapkärçiligi berjaý etmelidir. Dünýä Türkmenlerini geñirgendirýän, geñ galdyrýan ýene bir ýagdaý; käbir Türkmen öñdebaryjylarynyñ Türkmen halkynyñ seslenmelerine araçy bolmagyñ, goşulmagyñ deregine sessiz galmagy, bukulmagy, käbiriniñ hem Türkmen halkynyñ şu wagtky demokratiýa islegine, çagyryşyna garşy, diktatorlugyñ tarapynda ýaly daşary ýurt metbugadynda özlerine gelişmeýän, dünýä Türkmenleriniñ garaşmaýan çykyşlaryny etmegidir.
Alynyñ ala meýdanyna, hemmeleri watana eýe çykmaga, demokratiýa isleýän we bizden kömege garaşýan Türkmen halkyna kömege çagyrýarys! Her kim indi öz kararyny bersin. Tarapyny belli etsin! Demokratiýa, adam hukuklaryna sarpaly hukuk döwletini islaýän Türkmen halkynyñ tarapyndamy ýa-da diktatorlugyñ?! Türkmeniñ hak-hukuklarynyñ basgylanmaga dowam edip, dünýä halklarynyñ öñünde “goýun sürisine” meñzedilip, masgaralanmaga dowam etmeginiñ tarapyndamy?!
Demokratik, adam hukuklaryna sarpaly hukuk döwleti üçin, dünýä halk köpçüliginiñ arasynda abraýly orun almak, adam ýaly ýaşamak, hormatlanmak, äsgerilmek üçin Türkmen halkynyñ Demokratiýa göreşine gatnaşmak üçin, hemmeler “Alynyñ ala meýdanyna!”…
Eziz doganlar! Türkmenler, mähriban halkym!
Demokratiýa üçin dörän bu taryhy pursatdan agzybirlikde peýdalanmasak, diñe bizden kömege garaşýan Türkmenistan halky ýok bolmaz, bukulyp ýatan ýeriñizde siz hem ýok bolarsyñyz! Ar-namys astynda galmak islemeýän, Türkmeniñ dünýädäki abraýyny täzeden dikeltmek isleýän, Türkmeniñ “goýun sürüsine” meñzedilip, üstünden gülünmäge dowam edilmegine garşy bolan, Türkmen halkyny we watanyny ýürekden söýýän hemmeler agzybirlikde demokratiýä göreşine…
Bu pursady bukulyp, sessiz galyp, gaçyrsañ, Türkmen halkynyñ demokratiýa göreşine goşulmasañ, ata-babalaryñ ruhlary şat bolmaz! Senden närazy bolar! İçen ene süýdiñ we Türkmenistandan iýen we iýjek duzuñ haram bolar! Halkyñy, maşgalañy gollawsyz goýup, gargyşa galarsyñ!
Şu wagt Türkmen halky demokratiýa göreşi üçin her biriñiziñ kömegine garaşýar we mätäç! Demokratik, adam hukuklaryna sarpa goýýan, hukuk döwleti, atawatan Türkmenistan üçin hemmeler göreşe- Alynyñ ala meýdanyna … Watanyña, halkyña, ar-namysyña, adam hukuklaryña, adyña, şanyña, özüñe eýe çyk!
Tur, yeriñden! Bukulyp ýatma! Halkyñ, watanyñ senden kömege garaşýar!...
Dünýä Türkmenleriniñ adyndan, dünýä Türkmenlerine…
Döwlet Baýhan
29.12.2006
+90 505 757 89 43
+90 538 276 54 94
E-mail:
devletbay@hotmail.com ,
devletbay@gmail.com